PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

      Halkymyz 2024-nji ýyly, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda halkara derejede giňden bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

      Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp setirleri diňe bir türkmen halkyny haýran galdyrman, eýsem daşary ýurtlarda hem öz dillerinde terjime edilip, höwes bilen okalýar. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär.

      Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mertebeli menzillere barýan eziz Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty halkymyzyň her biriniň köňlüne ganat, ýüregine ylham, işlerine rowaçlyk bersin! Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere bedew bady bilen gadam ursun! Şeýle bagtyýar günleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Baýramgül ESENOWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar