Türkmen halkynyň göz guwanjy akyldar Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň biridir. Söz sungatynyň elýetmez ussady bolan Magtymguly Pyraga bu günki gün goýulýan hormat çäksizdir. Pyragy Hemişe bitewi bir mizemez ýurduň bolmagyny isläpdir.
Ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-dan gelip gowşan hoş habar biziň her birimizi buýsandyryp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat boldy. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda şanly seneler mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler guralýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň öçmejek ruhy” atly kitaby hem bu beýik ynsana bagyşlanandyr. Her setiri nakyla öwrülen dana şahyryň goşgulary biziň her birimiz üçin terbiýe mekdebidir. Bu günki gün her bir ynsanyň kalbynda Pyraga bolan çäksiz söýgi bar.
Bu gün külli türkmen ili akyldaryň bir başa uýmak sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, dünýä belli akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde uludan belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlygymyza şatlyk goşýan, ruhumyzy has-da belende göterýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun !
Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.