ÇOMUJY GUMUŇ, DERMANY EMIŇ

       Türkmeniň sahawatly topragy durşy bilen kerem-keramatdyr. Güneşli ülkämiz dürli dermanlyk ösümliklerine baý ýurt. Tebigatyň bu eçilen baýlygyny ulanmagyň tejribesini toplamak müňýyllyklaryň dowamyndan häzirki güne çenli gelip ýetipdir. Bereketli topragymyzda dermanlyk ösümlikleriniň 2 müňden gowrak görnüşi milli tebipçilikde we halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Gözel tebigatymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdeleri we dürli melhemler özüniň ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň iň naýbaşylarynyň biride gyzgyn Garagumyň jümmüşinde bitýän çomuçdyr. Çomuç gyzgyn çägede boý alyp, gyzgyn howanyň demini sorup ulalýar.

       Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, düzümini, ýaýran ýerlerini, ulanylyşyny, peýdaly taraplaryny içgin öwrenmäge, ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga ýardam edýän gymmatly gollanma hökmünde çykyş edýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda halk lukmançylygynda çomujyň görnüşleri hakda giňişleýin maglumatlar berilýär.

       Çomujyň peýdasy: Çomuç milli tebipçilikde keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Onuň okaraly çomuç görnüşi önelgesizlikde, ganazlykda, aşgazan ýaralarynda, immunitetiň derejesini dikeltmekde, sowuklama garşy göreşmekde täsir etýär. Ysly çomujyň hem dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlikdir. Halk lukmançylygynda gysylmanyň we damar çekmäniň garşysyna, öt çykaryjy, inçekesel we howply çiş kesellerinde peýdalanylýar. Şeýle-de onuň şepbik sakyzy damar çekmede dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar, şonuň ýaly-da zäheriň garşysyna giňden peýdalanylýar. Çomujyň ýene-de bir artykmaç taraplarynyň biri hem ol dünýäde adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýan ösümlikleriň bäşligine girýändigini aýratyn bellemeklige degişlidir.

       Çomuç Günbatar Garagumda, Üstýurtda, esasanam Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäklerinde gabat gelýär. Türkmenbaşy etrabynyň çäklerinde bitýän çomuç süýjümtik tagamy bilen tapawutlanyp, boýy 1-1.5 gulaja ýetýär. Munuň ýaly çomuç diýarymyzyň beýleki ýerlerinde ösmeýär diýen ýaly. Çomujyň palajy ýagny ýapragy mes toprakly ýerde ösüp oturan gawun palazyna meňzeş, palajynyň ortasynda onuň miwesi peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan çomuja öwrülýär. Gum çomujy gyr çomujyna görä süýji bolýar. Çomujyň ýokarsy aşak tarapyna görä ajyrakdyr. Onuň ýokarsynyň iki garyş töweregini ýygyp ýörkäler kesip aýyrýarlar.

       Toşabyň taýýarlanylyşy: Öňler toşap almak üçin el güýji sarp edilerdi. Häzirki döwürde birnäçe tehniki enjamlar döredildi. Bu iş adam saýlaýan, jogapkärli iş. Gowy toşap almak üçin gum  çomujy ulanylýar. Onuň baldagyny owunjak böleklere bölüp, suwuny sykmak üçin niýetlenen gapda gowy edip suwuny sykmaly we çykan suwuny uly gazanda gaýnatmaly. Galýan galyndy (mantaşa) zyňylmaýar mallara iým üçin ulanylýar. Zenanlar toşabyň şiresini gaýnatmaga, ýagny ondan toşap şekilli toşap emele getirmäge aşa jogapkärli çemeleşýärler. Hakyky toşabyň bal ýaly tagamy, goýy we sargylt reňki bolýar. Çomuç şiresi asuda, balkyldap gaýnamaly. Gazany dolduryp guýan şiräň toşap bolýança üstüne goşundy goşup garmak onuň hilini peseltýär. Ajy, gara köpügini toşaba siňdirmän, mahal-mahal aýryp garyp durmaly. Şire toşap bolup barýarka birenaýy sary köpük emele gelýär. Işine ökde zenanlarymyz ony ýörite gapda ýygnap alyp, soňra derman hökmünde ulanýarlar. Çomuç şiresi gaýnadylýança, syrçaly, aýna gaplarda çoýun gazanda saklanmasa üýtgeýär. Şu agzalan talaplar berjaý edilmese toşap gara, suwuk, bulaşyk, ajy kakýandyr. Ene-mamalarymyz taýyn bolan toşaby saryýag bilen garypdyrlar. Ýagny:

Çomujyň toşabyn saryýag bilen,

Alty aýlap ony meşige salan,

Soňra ak bugdaýyň çöregi bilen,

Iýen, ýüwrüklikde ýaryşda ozan

-diýen setirler hem ýöne ýere döremändir. Bu ýerde «Alty aýlap meşige salan» diýen setirleri öňki döwürlerde erkejiň derisinden ýag meşik taýýarlap, oňa saryýag guýup, üstüne-de çomujyň toşabyny guýupdyrlar. Agzyny mäkäm baglap, çägeli ýerde gömüp goýupdyrlar. Aradan alty aý geçensoň üstüni açypdyrlar, şol taýýar ýagyň tagamyna hiç bir nygmat deňleşip bilmändir.

       Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dermanlyk ösümliklerine baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Adam saglygy hakynda aladany ilkinji orunda goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

BELENT SARPA

Indiki makala

Meňzeş habarlar