AŞGABATDA ZEREWŞAN-GARAGUM GEÇELGESINIŇ ÝUNESKO-NYŇ SANAWYNA GOŞULMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

      ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Riýadda (Saud Arabystany Patyşalygy) giňişleýin 45-nji mejlisinde 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda kabul edilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi» desgasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak barada kararynyň kabul edilmegi taryhy we medeni mirasy gorap saklamakda möhüm waka boldy.

      Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligi ýurduň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet medeni muzeýinde ÝUNESKO-nyň tassyklaýjy şahadatnamasynyň alynmagy mynasybetli maslahat geçirildi. 

      Duşuşykda döwlet taryhy we medeni goraghanalaryň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy wekilleri, hünärmenleri, muzeý işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary Zerewşan-Garagum geçelgesiniň ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän strategiki orny ara alyp maslahatlaşdylar. 

      Üç ýurduň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäginde ýerleşýän 31 desgadan ybarat Zerewşan-Garagum geçelgesi ähli ugurlary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadaky esasy bölegi bolupdyr.

      Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň başlygy Muhammetdurdy Mämmedow çykyşynda ýoluň Amul-Merw böleginde täsin desgalaryň ýedisiniň gurlandygyny aýtdy. Olar Amul-gala we Kuşmeýhan, Mansaf galasy, Könegalanyň kerwensaraýlary, at-Tahmalaj, Akjagala we Gyzyljagala şäherleridir.

      Bu desgalarda söwda bilen meşgullanýan adamlara çölde uzak syýahat etmäge we yssy howanyň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän özboluşly tehnologiýalar ulanylypdyr.

      Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna birnäçe ýadygärlik goşmak üçin köp işler etdiler.

      Şeýle giň gerimli taslamanyň türkmen bölegini Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň, «Kerki» we «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. 

      Medeni we tebigy miras boýunça Zerewşan-Garagum geçelgesiniň desgalarynyň bitewi transmilli tapgyrlaýyn hödürlenmesi biziň eýýamyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli binagärlik we tehnologiýa, monumental sungat we şäher gurluşygy pudagynda ýokary derejelere ýetilendigini görkezýär.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar