Şu ýylyň 7 – 9-njy ýanwary aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Aşgabadyň Modeller öýünde Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde birinji gününde «Dizaýn plýus» döredijilik birleşiginiň önümleriniň, ikinji gününde türkmen öýmeleriniň, ketenileriň we keşdeleriň, şeýle hem jemleýji günde türkmen halylarynyň we haly önümleriniň sergisi gurnaldy. Şeýle hem, türkmen aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary, jemleýji güninde bolsa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky jazz orkestriniň çykyşy bu ýere ýygnananlara aýratyn ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň dowamynda öňdebaryjy Aşgabat Modeller öýiniň, «Peýker», «Nur Ýüpek», «Mähirli zenan» Modalar öýleriniň täze kolleksiýalarynyň görkezilişi boldy. Myhmanlar bu brendleriň täze işlerine ýokary baha berdiler.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretariaty we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO) arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň «Dizaýn» şäheri bolan Aşgabadyň moda we döredijilik ulgamyndaky mümkinçiliklerini anyk mysallar arkaly baýlaşdyrmaga, şeýle hem maddy däl medeni mirasymyzy, milli sungatymyzy gorap saklamaga, wagyz etmäge hem-de şäheriň dizaýn ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, häzirki zaman moda ösüşinde türkmen milli lybaslarynyň gözelligiň asyl nusgasy hökmünde çeşme bolup hyzmat edýändigini açyp görkezmäge mynasyp goşant goşýandygy üçin Aşgabadyň Modeller öýine, «Peýker», «Nur Ýüpek», «Mähirli zenan» Modalar öýlerine Hormat hatlary gowşuryldy.
unesco.gov.tm