2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp “Türkmenistan – ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabarada Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndaky “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndaky “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO klubunyň wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna girizilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Watanymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işler, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýlandygyny aýtdylar. Halkymyzyň müňýyllyklardan biziň günlerimize gelip ýeten maddy we medeni mirasymyz abraýly halkara guramalarynyň biri bolan ÝUNESKO tarapyndan hasaba alynmagynyň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.
Aýdym-sazly dabara bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň taslamalarynyň sergi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny”, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän aýdymlaryň we tans toparynyň tansçylarynyň milli tanslary ýerine ýetirmegi dabara özboluşly öwüşgin berdi. Ýaşlaryň amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini ýerine ýetirip oturan pursatlary – halkymyzyň keşdeçilik, halyçylyk, zergärçilik ýaly asyrlaryň alyslaryndan biziň günlerimize gelip ýeten milli sungatymyz buýsanjymyza öwrülendigini bellemek bolar.
Dabaranyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) işleri barada Türkmenistanyň Milli topary tarapyndan ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
unesco.gov.tm