DÖWREBAP ARAGATNAŞYK – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

      Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle döwlet ähmiýetli, halk bähbitli özgertmeleriň biri hem aragatnaşygyň kosmos ulgamynyň döredilmegidir. Türkmenistanda milli kosmos agentligini döretmek bilen baglanyşykly başlangyç hem türkmen diplomatiýasynda möhüm ugurlaryň biridir. Taryha nazar salsak, 2011-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky milli kosmos agentligi döredildi. Onuň esasy wezipesi kosmos işini amala aşyrmak, emeli hemrany Türkmenistanyň çäginden dolandyrmak üçin dolandyryş toplumyny döretmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýer ýüzüniň degişli çägine gözegçilik etmek üçin hemra aragatnaşygyny ýola goýmak bolup durýar. Türkmenistanda milli kosmos ulgamy kemala gelýär. Bu bolsa, ýaşlara emeli hemra aragatnaşygyna aralaşmaga giň mümkinçilik döredýär.

      Gahryman Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, türkmen ýaşlarynyň kosmos enjamlaryny dolandyrmak üçin dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa iberilýändigi bu ugurda ýörite hünärli hünärmenleri taýýarlamak baradaky tagallalaryň netijesidir. Ýurdumyzyň milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy hemmetaraplaýyn ösýän ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap aragatnaşyk we dolandyryş ulgamyny döretmekde möhüm ädimdir.

      Ylmy ösüşleriň asyry bolan ΧΧΙ asyrda emeli hemralaryň adamzat üçin ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin ähmiýeti örän uly bolup durýar. Şeýle hem  telaýaýlymlaryň sanynyň artmagyna, maglumatlaryň alyş-çalşygyna, talyp ýaşlaryň uzak aralykdan bilimleri almaga we uzak aralykdan saglygy goraýyşy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Milli hemra aragatnaşygyň ýola goýulmagy diňe bir internet, telewideniýe ulgamynda däl, nebit-gaz turba geçirijileriniň işinde, ekologiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze gorlaryny tapmakda, adatdan daşary ýagdaýlary tiz habar bermekde we ylmy gözlegleri amala aşyrmakda hem oňyn täsirini ýetirýär.

      Türkmenistanda milli kosmos ulgamyny, aragatnaşygy, ykdysadyýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmaga, durmuş-ykdysady maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmäge tarap älem giňişligindäki amala aşyrylýan beýik işleriň biridir. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Hangeldi ITALMAZOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba

hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar