SPORT KANUNÇYLYGYNYŇ BERK BINÝADY

       Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň hukuk taýdan berkidilmegi ugrunda kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak we kabul etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Olar «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» hem-de «Professional sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarydyr. Bu Kanunlar Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

       Sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmaga, sporty goldamaga we ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunçylykda öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny has-da berkidip, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde täze bir ädimdir. Bu Kanunyň esasy maksady raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekden, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan ybarat bolup durýar. Bu Kanun adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugurlary beýan edýär. Kanunda ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň alnyp barlyşynda öňe sürlen kanunçylyk namalaryna orun berlip, bedenterbiýäniň we sportuň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Şeýle hem, Kanunda ýurdumyzda olimpiýa hereketiniň halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegidigi bellenilýär. Şundan görnüşi ýaly, olimpiýa hereketiniň maksatlary türkmen jemgyýetinde halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmegi we ornaşdyrmagy ugur edinýär. Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň maksatlary türkmen jemgyýetinde halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmekden we ornaşdyrmakdan, halkara olimpiýa komitetiniň we halkara olimpiýa hereketiniň beýleki halkara sport guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde Türkmenistana wekilçilik etmekden ybaratdyr. Şunda ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek hem-de bedenterbiýe-sport işiniň guramaçylyk-dolandyryş, işgärler, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik we dopinge garşy göreş üpjünçiligini ösdürmek esasy çäreleriň hatarynda durýar.

       Bu Kanun adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugurlary beýan edýär. Kanunda ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň alnyp barlyşynda öňe sürlen kanunçylyk namalaryna orun berlip, bedenterbiýäniň we sportuň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Taryha nazar aýlasak, Aşgabat sebitde ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny, Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça Dünýä çempionatyny, Ralli ýaryşlaryny kabul etdi. Munuň özi, gülläp ösýän milli sportumyzyň halkara sport ulgamynda ýeten belent ykrarnamasy bolup, şol bir wagtda dünýäniň halkara sport guramalary tarapyndan Merkezi Aziýada dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetliligiň merkezine öwrülen paýtagtymyza bolan sarpanyň we ynamyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş alym,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar