WATAN GORAGY MUKADDES BORÇ

     Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzyň toýlardan toýlara ulaşýan günlerinde Watan goragçylarynyň güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly dabaralara beslenýär. Biz bu günki gün baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bolelin hem-de eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarys.

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty bilen bilelikde gurnamagynda institutyň medeniýet öýünde baýramçylyk mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyplary, harby gullukçylar, ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda watançylyk temasyndan öwüt-ündewleri, watan goragçylary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler hem-de ýaşlaryň bilimli giň dünýä garaýyşly nesiller bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalar dogrusynda uly buýsanç bilen beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gullukda, okuwda, tapawutlanan harby gullukçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

     Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Watanymyzyň asudalygyny gorap saklamakda edermenlik görkezýän watan goragçylaryny bu baýramçylyk bilen gutladylar şeýle hem, halkymyzy asuda günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Ogulbahar AÝAZOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar