Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň toý-dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy – atalarymyzyň müdimi pendi» atly şygar bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly, söhbetdeşlikli baýramçylyk çäresi geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watan goragçylaryna döredip berýän ajaýyp şertleri hem-de her ýyl Watan goragçylarynyň gününde olara harby atlaryň berilmegi, ýörite edaralaryň binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bagly çykyşlara uly orun berildi. Şeýle hem Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tapawutlanan harby gullukçylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin köp sagbolsun aýtdylar.
Arslanmyrat REJEPMYRADOW,
TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.