Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Bagtyýarlyk etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda häkimligiň mejlisler zalynda «Zenan mertebesi belentdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hukuk goraýjy edarasynyň wekili gatnaşdylar. Çärede türkmen zenanlarynyň akyl-paýhaslylyk, merdi-merdanalyk, edalylyk, myhmansöýerlik, perzentlerine bolan mähirlilik ýaly häsiýetleri nesillere miras goýandyklary, zenan mukaddesligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülsähra AMANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.