Türkmen ili bütin dünýäde watansöýüji halk hökmünde giňden tanalýar. Dogrudan-da biziň halkymyzyň zandynda halallyk, pespällilik, maksada okgunlylyk hem-de watansöýüjilik häsiýetleri bardyr. Bu häsiýet atalarymyzyň göreldesi, enelerimiziň hüwdüsi bilen biziň aňymyza hem-de ganymyza berk ornaşan häsiýetdir. Bu häsiýetler türkmen ilimizi hemişe bütin dünýäde beýik edip görkezýän ajaýyp häsiýetlerdir. Biz bu günki gün baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bolelin hem-de eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarys. Mälim bolşy ýaly her ýylyň 27-nji ýanwarynda «Watan goragçylarynyň güni» mynasyp derejede bellenilýär. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan, bäş müň ýyllyk taryhy bolan, merdana pederlerimiziň döş gerip goran ata Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň tutanýerli zähmeti diýseň bimöçberdir.
Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler jaýynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary, harby gullukçylar, ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşanlar watançylyk mowzugyndan öwüt-ündewleri, hem-de Watan goragçylary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilimli giň dünýä garaýyşly nesilleri bolup ýetişmekleri dogrysynda edilýän aladalar barada çykyşlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gullukda, okuwda, sportda tapawutlanan talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Çärä gatnaşanlar eziz Watanymyzyň asudalygyny gorap saklamakda, edermenlik görkezýän Watan goragçylaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Watan goragçylarynyň güni bilen mähirli gutladylar. Türkmen ilimizi parahat durmuşda, asuda günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýnagözel ANNANUROWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
hasapçy-buhgalteri.