«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

    Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky IÝG-nyň gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

    Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän aladalary, ýaşlara bildirilýän ynamy, şeýle hem 2023-nji ýylda kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gelip gowuşmagy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Şeýle hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyzyň ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşy alandygy barada gyzykly söhbetler edildi.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ukyp başarnyklaryny açyk görkezmäge döredip beren ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 266 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY