Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda söhbetli gepleşigi ýazga geçirildi. Onda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygy şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi barada beýan edildi.
Gepleşigiň dowamynda bellenilişi ýaly, milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýandygy bellärliklidir. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergilerdir-festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, adamzadyň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegini düzýän türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terjime edilip dünýä ýüzünde öwrenilmegi örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä döwletleriniň belli ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy ýurdumyzda edebiýata, döredijilige goýulýan hormatdan hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilýändiginden nyşan bolup durýar.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.