GYMMATLY GOLLANMANYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

     Ýakynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Köpetdag etrap häkimligi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýylynyň jemlerine bagyşlap çykaran «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly, bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabara gatnaşanlar biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 0 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI