«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

        Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Aşgabadyň dokma toplumynyň kiçi mejlisler zalynda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar ýylynyň jemine bagyşlap çykaran, halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Aşgabadyň dokma toplumynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Bu dabarada çykyş edenler kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygy barada belläp geçdiler, şeýle hem bu ajaýyp kitap üçin ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji

Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI