Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gelip gowuşmagy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi şeýle hem, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşy alnandygy barada gyzykly söhbetler edildi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň bellenjek ýylynda akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyryp şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp şygryndan ruhlanyp, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr. Biziň nusgawy şahyrlarymyzy sarpalaýan, olara hormat goýýan biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Arslanmyrat REJEPMYRADOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.