TÜRKMEN WEKILIÝETI HALKARA EKOLOGIÝA MASLAHATYNA GATNAŞDY

Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda geçirilen Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy. 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda geçirilen maslahatyň esasy temalary howanyň üýtgemegi, milli ykdysadyýetiň ösüşi hem-de biodürlüligi gorap saklamak bilen bagly boldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, wise-premýer N.Atagulyýew maslahatda çykyş edip, Türkmenistanda ekologiýa howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de tebigy mirasy gorap saklamaga gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlaryna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de çykyşda Türkmenistanyň gatnaşýan ekologiýa ulgamyndaky halkara konwensiýalary, ýurduň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, bag nahallaryny oturtmak, agrosenagat we senagat pudaklaryna innowasiýa, suw tygşytlaýjy, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýdyldy diýlip, habarda bellenilýär.

turkmenportal

28.07.2025