Daşoguzda bolup geçen «Ýaşlar syýasaty – täze eýýamyň ganaty, forum beýik geljegiň ak bagty» atly maslahat «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň doly ähmiýetini ýaşlara açyp görkezmek üçin niýetlenendir. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň welaýat Geňeşi we welaýat kitaphanasynyň işgärleri guradylar.
Maslahatda çykyş edenler bu forumyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň möhüm çäreleriniň biridigini bellediler. Awaza forumy Türkmenistanyň BMG bilen parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi saklamak babatynda yzygiderli hyzmatdaşlygynyň ýene bir ynandyryjy delili bolar we düýpli hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge saldamly goşant goşar.
Bu maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara täsirli çözgütleri tapmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga kömek eder. Onuň çäginde dürli ugurlar boýunça ençeme çäre, şol sanda ykdysady ösüşi höweslendirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we täze strategiýalary, ykdysady ösüşe itergi berýän strategiýalary-da işläp düzmekde ýaşlaryň ornuna we ähmiýetine bagyşlanan çärelerde bar.
Geçirilen maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher we etrap geňeşleriniň agzalary hem welaýat kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan şeýle maslahatlar şu günler ýurduň beýleki guramalary we edaralary tarapyndan-da geçirilýär.
turkmenistan.gov.tm