Eneolit we bürünç asyrlarynda adamlaryň ýabany üzümiň medeni görnüşini ösdürip ýetişdirmegi başarandyklaryny köp sanly arheologiki tapyndylar subut edýär. Aşgabatdan ýüz kilometr gündogarda ýerleşýän Namazgadepe ýadygärliginde arheologiki gazuw-agtaryş işleri netijesinde, humlaryň biriniň düýbünden üzümiň kiçi görnüşli sortunyň kömüre öwrülen dänejikleri tapylýar. Şeýle möhüm ýaşaýyş ojagynyň medeni gatlagyndan üzüm tohumynyň tapylmagy iň azyndan üzümiň ýedi müň ýyl mundan ozal iýmit hökmünde ulanylandygyny görkezýär.
Köp sanly maglumatlara görä, Parfiýa döwletiniň höküm süren döwründe bu medeni ekin uly täjirçilik ähmiýete eýe bolupdyr. Grek taryhçysy Strabon bu ýerde ýogyn üzüm düýpleriniň duş gelýändigini, onuň daşyny diňe iki adamyň gurşap alyp bilýändigi we üzüm hoşalarynyň iki tirsek boýunyň bardygyny belläp geçipdir. Alymlaryň pikirine görä, Parfiýada üzüm guradylyp kişmiş görnüşinde iýilipdir, şeýle-de ondan toşap gaýnadylypdyr. Häzirki zamanda ýetişdirilýän «terbaş» üzüminiň görnüşi hem Parfiýada ýetişdirilen üzümiň görnüşinden bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýüz kyrkdan gowrak üzümiň görnüşi bar, olardan ýarysy diýen ýaly ýerli üzümlerdir.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.