Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletler bilen, şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ösen ýurtlary bilen birnäçe halkara derejesinde parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.
Halkara jemgyýetçiligi bu ýurtlaryň ösüşine goldaw bermek maksady bilen, möhüm resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda ilkinji bolup 2003-nji ýylda kabul edilen Almaata Hereketler Maksatnamasy we 2014-nji ýylda kabul edilen Wena Hereketler Maksatnamasy uly ähmiýete eýedir.
Almaata Hereketler Maksatnamasy 2003-nji ýylda Gazagystanyň Almaata şäherinde geçirilen halkara maslahatda kabul edildi. Almaata maksatnamasy bäş esasy ugra esaslandy: syýasaty we hyzmatdaşlyk, transport infrastrukturasyny ösdürmek, söwda ulgamlaryny ýönekeýleşdirmek, maliýe we tehniki goldaw bermek hem-de gözegçilik mehanizmlerini döretmek. Tranzit syýasaty boýunça serhetden geçiş düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi, resminamalaryň standartlaşdyrylmagy we tranzit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi göz öňünde tutuldy.
Bu maksatnama arkaly dünýä jemgyýetçiligi ilkinji gezek resmi taýdan deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýagdaýyny aýratyn bir mesele hökmünde ykrar etdi we olaryň ösüşi üçin global hyzmatdaşlygyň esaslaryny döretdi.
Bu ugurda tagallalary dowam etmek maksady bilen, 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ikinji halkara maslahat geçirildi. Şol ýerde Wena Hereketler Maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama 2014–2024 ýyllar aralygy üçin niýetlenip, öňki maksatnamanyň esasynda täze maksatlary we ýagdaýlary hasaba almak bilen giňeldildi. Maksatnamanyň esasy maksady – LLDC ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine netijeli goşulmagyny üpjün etmek, transport çykdajylaryny azaltmak, infrastruktura mümkinçiliklerini gowulandyrmak, söwda we maýa goýumlaryna elýeterliligi artdyrmak hem-de durnukly ösüşi gazanmak bolup durýar.
Almata we Wena maksatnamalary diňe bir LLDC ýurtlarynyň kynçylyklaryny çözmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň we ösüşiň täze görnüşlerini döretmekde möhüm ädimler boldy.
Netijede, Almata we Wena Hereketler Maksatnamalary dünýä jemgyýetçiliginiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara bolan ünsüni artdyrdy we olaryň ösüş ýolunda möhüm goldaw serişdesine öwrüldi.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.