GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilendigi, 2024-nji ýylyň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanyp hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden çykan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gelip gowuşmagy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ukyp başarnyklaryny açyk görkezmäge döredip beren ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar