HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

       Ýakynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň halkymyza gelip gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap peşgeş beren kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň: beýan edilýändigini, bu kitabyň geljekde diňe ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda gyzyklanma döretjekdigini, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her bir işimizde gymmatly gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

       Many-mazmuna ýugrulan çykyşlaryň her birinde ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Güljeren NURLAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 29 okalan

TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ

23 Iýul 2025 | 45 okalan

TÄSIN ARZUWLY ÇAGALAR