AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B.Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň B.Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tarapyndan Watan goragçylaryň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir» atly şygar astynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ady agzalan mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlarda ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlilik, päkýüreklilik, arassa ahlaklyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza sarpany kemala getirmek maksady bilen beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, halkymyzy bagtyýar, eşretli ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglygyny, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 129 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 91 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI