SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Medeniýet bölüminde ýaşlaryň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseriniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýändigi şeýle hem, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. Çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA