«MILLI MIRASYŇ GALKYNÝAN ZAMANASY» ATLY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILDI

      2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezleriniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat we amaly-haşam önümleriniň sergisi geçirildi.

      Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezleriniň başlygy Akjemal Durdyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, Türkmensitanyň at gazanan halyçysy Amanjahan Ataýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynyň ýaşaýjysy, ussat keşdeçi zenan Ogulşat Ataýewa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Annaşeker Nurmämmedowa, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýa Hojyýewa, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň Medeniýet merkeziniň II derejeli artisti Gülşöhre Orazsähetowa, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akgül Toporowa dagylar çykyş etdiler.

      Çykyşlaryň dowamynda müňýyllyklaryň dowamynda  baý tejribe toplap gelen halkymyz goja taryhy, dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary bilen giňden tanalyp, asyrlarda-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip biziň döwrümize ýetip gelen bu maddy we ruhy gymmatlyklar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň netijesinde döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende göterýändigini bellediler. Şeýle hem, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasu bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändigini aýratyn nygtadylar.

      Soňra maslahata gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilen «Hoja Nasreddin Ependiniň gürrüň berijilik däplerini» wagyz etmek maskady bilen ýerine ýetirilen gyzykly çykyşlara tomaşa etdiler.

      Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, şeýle asylly ýörelgeleriň müdimiligini üpjün edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar