ÝUNESKO KAFEDRASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ BIR ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

      12-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygy hem-de Ylymda zenanlaryň we gyzlaryň halkara güni mynasybetli «Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň ähmiýeti» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, ýurdumyzyň ÝUNESKO Klublarynyň mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriň zenan professor-mugallymlary, ylmy-barlag edaralarynyň zenan alymlary, «Medeni miras:geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

      Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň ylym bilen meşgullanmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmaklary üçin döredilýän şertler we mümkinçilikler, ýurdumyzda gender deňliginiň dabaralanmagy, zenanlaryň hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň üpjün edilişi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň geçen bir ýylda alyp baran işleriniň esasy ugurlary we netijeleri barada gürrüň edildi.

      Bellenilişi ýaly, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we biziň günlerimize gelip ýeten maddy we ruhy mirasynyň ylmy esasda öwrenmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. BMG-niň bu abraýly düzümi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan geçirilýän maslahatlara, seminarlara, okuw sapaklaryna gatnaşyldy. Kafedranyň guramagynda «Medeni miras – ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahat guralyp, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, talyplar işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatyň netijeleri boýunça nutuklaryň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi.

      ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny dabaraly maslahatda söz sözlänler aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamy babatda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn ösdürilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2-sinde ÝUNESKO kafedralary, 5-sinde klublary hereket edýär, umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy assosirlenen mekdepleriň toruna girizildi.

      Dabaraly maslahat bilen ugurdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanlarynyň, türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň, şahyryň döredijiligine bagyşlanan ylmy işleriň, monografiýalaryň, makalalar toplumlarynyň, ýokary okuw mekdebiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasyna agza talyplar tarapyndan taýýarlanan dürli taslamalaryň sergisi guraldy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin berdi.

 

unesco.gov.tm

Meňzeş habarlar