Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna ýurdumyzyň geljegi hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň geljegimiz bolan ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasaty, ýaşlar, ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi buýsandyryjy waka bolup durýar. 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de soňky ýyllarda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm ädimlerdir. «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda, ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň döwrebap bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi. Döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine döretmek, gurmak, uly üstünlikleri gazanmak, elmydama kämillige ymtylmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr.
Türkmen ýaşlaryna okamak, işlemek, döretmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun ! Ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin !
Şamyrat PIRMÄDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.