EDEP SALAMDAN BAŞLANÝAR

       Türkmen döwletiniň güllemegini, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny döwlet işiniň baş maksadyna öwren hormatly Prezidentimize ýaş nesilleriň ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolmagy baradaky çuňňur aladasy üçin ýürek hoşallygymyz, alkyşymyz çäksizdir. Watanparaz, ahlak taýdan päk, dogruçyl we ygrarly perzentler her bir maşgalanyň abraýy, Watanyň mertebesi saýylýar. «Agzy salamly – köňli kelamly» diýen atalarymyz mamla. Tüýs ýürekden göwnaçyklyk bilen salamlaşmak, duz dadyrmak agzybirlikdendir. Salamlaşmagyň bolsa usuly kän, baş atmak, elleşmek, egnine kakmak, söz bilen salamlaşmak... «Salamy uly başlamalymy ýa-da ýaşy kiçi», «Törde oturan adama gapydan soň gelen salam bermelimi ýa-da öýde oturan?» ýa-da bolmasa, «Nätanyş adam bilen salamlaşmak zerurmy?» diýen soraglary eşitmek bolýar. Elbetde, türkmen edebinde salamy ýaşy kiçi ula, gapydan soň giren törde oturana, nätanyşam bolsa Taňry salamyny bermek adat edilen. Salamlylyk edepliligiň, ýagşy niýetliligiň alamatydyr.

       Hatda çaga azan aýdylyp, at goýlanda «Essalawmaleýkim, seniň adyň pylandyr» diýip üç gezek onuň gulagyna gygyrylýar. Salamda keramat bar. Kerim şahyryň goşgusynda şeýle setirler bar:

Duşmanyň duşsa-da salamyny al,

Salama hormat bor, özüne sapak

       Tersleşen adamyňy görseňem salam bermeli. Onuň salamyň derejesini, mertebesini, duýjagy hakdyr. Öýke-kine – ýürege ýüklenen daş. Ony aýryp taşlamasaň, ýüregiňe agram saljagy ikuçsuzdyr. Görşüp salamlaşmak birek-birege mähribanlyk bildirmegiň, birek-birege has ýakyn durasy gelmekligiň alamatydyr.

       Biziň jemgyýetimizde ýaşlaryň aglaba bölegi terbiýeli, edepli, zehinli, başarnykly. Ýöne adamyň egnine geýen köýnegi näçe tämiz, owadan hem-de gymmat bahaly bolsa-da oňa degen çigit ýalyjak tegmil adamyň ünsüni özüne çekýär. Edil şonuň ýaly-da ýaşlaryň arasynda az sanlysam bolsa terbiýesizi bar bolsa hemmeleriň ünsi ilki bilen şonda eglenýär. Hiç bir ata-enäniň tebigatynda öz bagryndan önen perzendine ýamanlygy ýokdur. Olar öz çagalarynyň bagtyýar we sagdyn bolmagyny isleýärler.

       Terbiýe dowamly we tutanýerli bolanda öz miwesini berýär.«Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýlişi ýaly, türkmeniň ganynda terbiýesi we edebi bolsa salamdan başlanýandyr. Türkmenleriň edebinde salam bermeklik çaga gaty irki döwürden öwredilip başlanýar. Adama howanyň, suwuň, iýmitiň gerek bolşy ýaly onuň edebi-de gerekdir. Ynsan bir tylla ýüzük bolsa edep onuň göwher gaşydyr.

       Ösüp barýan ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, saglygy goraýyşynda, durmuş pudagynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, halkyň ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli taslamalar hut şu ugruň rowaçlanmagynyň hatyrasynadyr. Bagtly geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesillerimiziň sowatly, görüm-göreldeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleriň sanap çykar ýaly däl. Bir çaganyň kemala gelmegi üçin, ene-ata tarapyndanam, mugallymlar tarapyndanam, döwletimiz tarapyndanam gör, näçe yhlas, zähmet sarp edilýär. Hemme taraplaýyn kämil perzent öz-özünden döremeýär. Perzent terbiýä mätäç. Oňa görelde gerek. Bilim-sowat öwretmeli. Hünäre, durmuşa ugrukdyrmaly. Türkmen öz perzendiniň edepli-ekramly, maksada okgunly, birsözli, tutanýerli, myhmansöýer, edenli, asylly, salamly-helikli bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär. Başdan çaganyň zandyna nämäni guýsaň, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler adamkärçilik sypatlaryny, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaraşygydyr.

 

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar