ÝAŞLAR BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň möhüm syýasy wakalaryny, täzeliklerini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, hem-de hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän ilkinji “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabyny, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak şeýle-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi. Oňa TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýnagözel Annamyradowa, TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Seýdylla Ýazmämmedow hem-de «Güneş» žurnalynyň öz habarçysy Garahanjar Baýhanow  gatnaşdylar.

      Çykyşlaryň her birinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri, taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar, Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy ýyly, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän ilkinji “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitaby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri barada, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň hakydasyndaky öçmejek yzy barada, onuň ömri we döredijiligi, akyldar şahyryň doglan gününiň uludan bellenilýändigi we ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler beýan edildi. Mundan başga-da  «Güneş» žurnalynyň öz habarçysy Garahanjar Baýhanow ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesilleri barada edilýän aladalar barada, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Güneş» žurnalynyň bilelikde çagajyklaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler barada gürrüň berdi, şeýle-de öz döredijiliginden ajaýyp goşgy setirlerini beýan etdi.

      Täsirli geçen söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş

 bölüminiň maglumat tehnikalary boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar