Ýurdumyzda her bir ýylyň özüne mynasyp atlandyrylmagynyň durmuş ýörelgesine öwrülmegi halkymyzda ruhubelentlik, Watana, ene topraga, belent ösüşlerimize, mähriban Prezidentimize bolan söýgini artdyrýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip, örän jaýdar belläp geçişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygyry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aşakdaky setirlerini okanyňda ýaşap ýören bagtyýar zamanyň, berkarar döwletiň gymmatyna has hem gowy düşünýärsiň.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä ýüzünde barha pajarlap ösýän döwletleriň hataryna girýär. Häzirki döwürde şahyryň sarpasy belentden tutulýar. Her ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, ýurdumyzyň birnäçe şäherleriniň dürli köçelerine, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we başgada birnäçe ýerlere şahyryň belent adynyň dakylmagy, häzirki wagtda bolsa Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde, gojaman Köpetdagyň eteginde şahyryň belent heýkeliniň gurulmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyry bolsa akyldar şahyryň ruhuny ýene bir mertebe tirsegine galdyrandyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman bolsun! Il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sabina NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.