Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiz 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan etdi. Şonuň üçin şu ýyl türkmen halkynyň milli şahyry, söz ussady, parasatly akyldary, pelsepeçi, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy beýik Magtymgulynyň 300 ýyllyk senesi ýurdumyzda we doganlyk ýurtlarda uly dabara bilen bellenip geçilýär. Çünki, Magtymgulynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrüldi. Onuň döredijiliginde gozgan watançylyk, dostluk, agzybirlik, gumanizm ideýalary, sosial, ahlak, etiki, estetiki meseleleri henize, bu güne çenli köpçüligiň ünsüni özüne çekip gelýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň döredijiligini türkmen we dünýä alymlary öwrenip, olar şahyryň döredijiligine bolan garaýyşlaryny öz ylmy makalalarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler.
Şu ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly kitap sergisi geçirildi. Bu sergide beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli köpsanly kitaplar ýerleşdirildi. Sergä akademiýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary we myhmanlar gatnaşdylar. Sergide şahyryň ömri we döredijiligi barada gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Çünki, olar Magtymguly ähli ukybyny, başarnygyny, zehinini halka bagş edendigi, watanysöyüjilik şahyryň tutuş döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçendigi barada düýpli çykyşlar etdiler. Şahyr watansyz, il-günsüz ýaşaýşy asla göz öňüne getirip bilmändir. Watana bolan çäksiz söýgi, uly guwanç şahyryň şygyrlarynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle gyzgyn mähir bilen ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly gözel durmuşda ýaşamagyny, işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir.
Bu kitap sergisi we çykyşlar ýaşlarda Magtymgulynyň döredijiligine söýgi döretmekde, olary şahyryň döredijiliginiň üsti bilen watansöýüjilik, ruhubelentlik, agzybirlik, jebislik ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Çünki şahyryň döredijiligi terbiýeçilik mekdepdir.
Orazgözel UTOMYŞEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy.