ONUŇ ALYJENABY MAGTYMGULY PYRAGY

      Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir.

      Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşy aldy.

      Her ýyl taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýan Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerinde ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

      Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň bellenjek ýylynda akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyryp şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp şygryndan ruhlanyp 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at goýuldy.

      Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

      Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Şundan ugur alsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirler, ynsanperwer garaýyşlary şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.

      Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr.

      Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini köpçülikde, toýda-tomaşada gazal hökmünde ýa-da dutara salyp, aýdym hökmünde obadan-oba, illerden-illere, nesillerden-nesillere ýetirip gelipdirler.

      Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi- türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip belleýär.

      Söz – gudratly güýç, ynsana berlen nygmat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip bilýär.

      Şahyr: «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, şygyrlarynyň many-mazmunynyň çuňňurdygyny şahyrana beýan edipdir. Magtymguly Pyragynyň eserleri şygyr ussatlarynyň ýol-ýörelgesine öwrülipdir.

      Türkmen edebiýatynda yz galdyran şahyrlarymyzyň biri bolan Nurmyrat Saryhanowyň «kitap» hekaýasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada söhbet açylýar. Hekaýanyň baş gahrymany Welmyrat aganyň keşbi arkaly türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga hem-de onuň dürdäne döredijiligine bolan söýgüsi ynandyryjy suratlandyrylýar. Hekaýada Welmyrat aganyň bütin maşgalasynyň guwanjy, olaryň maşgala eklenjiniň çeşmesi bolan düýesini kitap bilen çalyşmagy, ol kitaba guwanmagy, onuň her bir setirini bir düýä deňemegi okyjyda uly täsir galdyrýar.

      Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. 

      Gahryman Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär. 

      Gahryman Arkadagymyzyň şol ajaýyp jümleleriniň dowamaty bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda hem söz ussady Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetligini ýene-de bir gezek açyp görkezmek bilen:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,

Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,

Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy—

diýip belleýär.

      Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edýär.

      Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry bolsa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy.

      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilyär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we beden taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiyeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň beýik adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär. Häzirki döwürde Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

      Joşgunly aýdym-sazlar, şygyrlar ynsana ganat baglap, ony ýaşaýşa höweslendirýär. Şahyrlaryň göwün joşundan çykýan şygyrlar ynsan ruhuny galkyndyrýar. Muňa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazynadyr.

      Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bugünki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.

      Muňa biz çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada döreden:

Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,

Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty,

Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty —

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

şeýle goşgy setirlerinde hem muňa ýene bir ýola magat göz ýetirýäris.

      Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň tematik özboluşlylygy-da makalalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de ýygyndyda şol şygyrlaryň ýazylan wagtyndaky taryhy şertler, has takygy, şahyryň ýaşan galagoply döwri hem-de onuň taryhy şahsyýetler bilen mynasybetli, türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi ugrundaky göreşlerini beýan edýän işlere-de orun berlendir.

      Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň esasanam ýaşlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir.

      Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejede dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň çäginde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ussat şahyryň döredijiliginiň dünýä giňişligindäki ähmiýetiniň hem-de ornunyň ykrar edilmesiniň aýdyň subutnamasydyr.

      Şahyryň döredijiligi müňýyllyklar bilen ölçenilýän edebi mirasymyzyň kanunalaýyk dowamydyr, geçmişiň jümmüşine uzalyp gidýän ruhy dagyň iň belent gerşidir diýsek ýalňyşmarys. Şahyryň eserleri halk pikiriniň jarçysy, akyl dürüniň egsilmez hazynasy, dünýä edebiýatynyň şamçyragydyr. «Dile gelen sözleri köňül nagşy edip, taraşlap şagladan» şahyryň eserlerini okanyňda durmuş, dünýä, jemgyýet bilen bagly meseleleriň ählisine jogap tapyp bilýärsiň. Halkynyň parahat ýaşamagyny, ylymly-bilimli, medeniýetli bolmagyny arzuwlan şahyrymyzyň pähim-parasatdan we şirin duýgulardan doly şygyrlary nesillerine miras galdy, bütin adamzadyň durmuşy we ruhy zerurlyklaryna ýol-ýörelge boldy.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER