Türkmeniň taryhyna ser salsaň, geçmişde halkymyzyň beýik şahsyýetleriniň, nusgawy şahyrlarynyň, edebiýat meýdanynyň çygryny giňeldip, şygryýet dünýäsini özboluşly guran söz ussatlarynyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ol ynsanlar özleriniň kalplarynyň röwşen nuruny daş-töweregine paýlap bilen, döwrüň waspyny, ýagty geljege bolan arzuwlaryny, umytlaryny ajaýyp setirlere sygdyryp, siňdirip bilen adamlar.
Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem ähli döwürleriň beýik şahyry hökmünde türkmeniň kalbynda, aňynda, baky hakydasynda ýaşaýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly ynsan bolandygyny, öz döwründe türkmen halkynyň geljeginiň nurly we ýagty boljakdygyna, halkymyzyň bir bitewi millet, agzybir, berkarar, özbaşdak döwlet bolup, at-owazasynyň dünýä doljakdygyna ynanyp, arzuw eýläp, bu dogrusynda özüniň ajaýyp şygyrlarynda beýan edipdir, özüniň şygyrlarynyň üsti bilen döwürdeşlerini bir bitewi millet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrypdyr.
Heňňamlardan aşyp, türkmen milleti özüniň millilik ýörelgelerine ygrarly bolup, bir bitewi döwleti kemala getirip, Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän zamanasyna geldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda erkana, bagtyýar, parahat durmuşda ýaşaýar. Akyldar şahyrymyzyň dürdäne setirleri, terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary bu günki gün türkmen ýaşlary üçin görelde we ýörelge mekdebi bolup hyzmat edýär. Türkmen ýaşlary beýik akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň many-mazmunyny içgin öwrenip, öwüt-nesihat, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary esasynda edep-terbiýe öwrenýärler. Şahyryň ahlak temada ýazylan goşgulary ýaşlaryň ahlakly, ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryna itergi berýär. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Akyldar şahyrymyzyň eserleri häzirki döwürde öz wajyplygy we şahyrana ähmiýeti bilen, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ör boýuna galýar. Ol şygyrlar dünýä halklarynyň dillerinde ýaňlanýar we ynsan kalplarynda ajaýyp duýgulary oýarýar. Şahyryň gymmatly setirleri her bir döredijilik adamsyny täze-täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Pyragynyň goşgularyna köp sanly aýdymlar döredilip, ol ajaýyp aýdymlar halkyň dillerinde, kalplarynda, ýüreklerinde ýaňlanýar.
Türkmen edebiýatynyň, şygryýet äleminiň ajaýyp, baý many-mazmunly dünýäsini halkymyz üçin giňden açyp berýän we türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerine çäksiz hormat goýýan, ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň buýsançlary, alkyşlary çäksizdir. Milli mirasymyzyň, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, türkmen nusgawy edebiýatynyň müň bir öwüşginli ýalkymyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Gülşirin GAÝYPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.