MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ESERLERINDE WATAN MERTEBESI

Türkmeniň beýik akyldar danasy Magtymguly Pyragy öz halkynyň berkarar döwletli bolmagyny çyn ýürekden arzuwlap:

Gurdugym, aslynda, bilgil, zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam.budur ki türkmen binasy

- diýen setirleri döredipdir. Hyýalynda zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «Öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde: «XVIII asyryň türkmen durmuşynyň beýik akyldary, mertlik, gahrymançylyk pentlerini döredijilíginiň baş mazmunyna öwren Magtymguly Pyragy:

Bir-birine gapmak ermes ärlikden,

Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden –

Agzalalyk aýrar ili dirlikden,

Munda durmuş dönüp, duşmana gelgeý - diýipdir» diýip, mertleriň hem men-menlikden daş bolmagyny, agyzlarynyň bir bolmagyny tekrarlandygyny belleýär.

Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar. Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il-halk, bitewilik baradaky setirleriň hemmesi akyldar şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr. «Weýran eýledi» goşgusynda hem döwletsizlik derdiniň zaryny çekýär:

Hakdan bize döwlet gelse,

Ýyglan gözler oýnap gülse,

Misginler ýurt gadryn bilse,

Ýürekde hijran eýledi.

Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan - mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasyndan hemişelik omür beripdir. Şahyr mertlik- namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir. «Döker bolduk ýaşymyz» goşgusynda-da şeýle diýýär:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mest nerlermiz barga aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Watan mertebesi beýikdir. Berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda we milleti şol ajaýyp maksadyň daşynda merdana watançylyk ruhy bilen jebisleşdiren akyldar şahyrymyzyň mertbesi Watan mertebesi ýaly müdimidir.

 

Anna KARAHANOW,

harby gullukçy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER