PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI ASYRLARA ÝÖRELGE

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsanperwerligi, ýokary medeniýetliligi hem-de adamkärçiligi özünde jemleýän, ählitaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek döwlet derejesindäki ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Şu wezipäni amal etmekde terbiýeçilik ähmiýetli, milli we umumadamzat bähbitli mirasymyza uly ähmiýet berilýär.

      Ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň orny aýratyndyr. Şahyr pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getiripdir. Akyldar şahyryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewler çuň mazmuny we köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar onuň halallyk, geçirimlilik, kiçigöwünlilik, ynsanperwerlik ýaly dürli temalarda döreden eserlerinde has aýdyň görünýär. Şahyryň:

      «Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,

      Menden zynhar, iliň bile kaş bolmaň!» – diýen setirleri parahat, agzybir durmuşa çagyryşdyr.

      Hakykatdan-da, türkmeniň beýik akyldarynyň goşgularyny okan her bir adam ruhy kämillige eýe bolup, halallygy, ynsanperwerligi ömrüne hemra edinýär. Şahyr okyjyny çeper sözüň güýji bilen özgerdip, dogry ýola gönükdirýär we terbiýeleýär.

      Gahryman Arkadagymyzyň: «Beýik akyldaryň geljek nesillere ýadygär galdyran baý edebi mirasy bu gün adamzat gymmatlygyna öwrüldi we öz hakyky mirasdüşerlerine – şu günki bagtyýar nesillere gowuşdy» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligi ähli döwürlerde ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly ýol-ýörelge mekdebidir. Şahyryň şygyrlaryndan durmuşyň islendik meselesine degişli soraglara jogap tapmak mümkindir. Dana şahyryň döreden şygyrlary ähmiýetini ýitirmän, ýyllar geçdigiçe, altyn ýaly şöhle saçýar, gadyr-gymmaty artýar, gerimi giňeýär. Çünki ähli döwürleriň we umumadamzadyň şahyry hasaplanylýan akyldar şahyryň sarpasy, at-abraýy bu günki gün diňe berkarar Watanymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem belentdir. Akyldar şahyryň «Delalat ýagşy» atly şygryndaky:

      Asla adamzada ajy söz urma,

      Pakyra, misgine delalat ýagşy – diýen setirlerini alyp görenimizde, bu ýerde «adamzat» sözi getirilip, şahyryň pähime ýugrulan setirleriniň umumadamzada gönükdirlendigini aýan edýär. Şeýle öwüt-ündewe, parasatly pähimlere ýugrulan pikirlere şahyryň döredijiliginde näçe diýseň duşmak bolýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny çuňňur öwrenmek, nesil terbiýesinde pentlerini ýol-ýörelgä öwürmek her bir maşgalanyň abadan bolmagyny üpjün etmekdir, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdir.

      Döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýüzlenmekligi, ýol-ýörelge edinmekligi saýlap almaklygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň, rowaçlyklarynyň dowamatynyň dowamly bolup, asyrlara uzap gitjekdiginiň aýdyň kepilidir.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly

etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER