TEBIGATA SÖÝGI – WATANA SÖÝGI

       Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýörelgeleri netijesinde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Muňa Milli Liderimiziň «Tebigaty söýmek – bu eziz Diýaryňy, mähriban Watanyňy söýmekdir» diýen sözleri-de güwä geçýär. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar ekologiýa ýagdaýy bilen sazlaşykly amala aşyrylýar.

       Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär.

       Ýurdumyz ekerançylyk meýdanlarynyň netijeli dikelmegini, sebitde howa şertleriniň hem-de ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün edýän «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurluşygyny dowam etdirmeklige, Garagum sährasynyň ajaýyp goraghana künjeklerini, Köýtendagyň üýtgeşik tebigy gözelliklerini, gojaman Amyderýanyň kenarýaka çäklerini gorap saklamaklyga, tutuş Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmeklige gönükdirilýän ummasyz tagallalar tebigata söýginiň Watan söýgüsine deňelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Biz tebigaty öz öýümize deňeýäris. Öýümiziň asudalygyny, abadançylygyny üpjün etmek bolsa, her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

 

Yhlas ANNAWELIÝEW,

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar