2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, özara hormat goýmak, birek-birege ynam bildirmek ýaly özboluşly häsiýetler, asylly ynsanperwer däpler aýratyn orun tutýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan milli ýörelgeleri ýurdumyzyň diplomatik tejribesiniň baýlaşmagyna, ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga gönükdirilýär. Diplomatik işiň köpugurlylygy we hoşmeýilli häsiýeti döwletimizi ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde dünýäde tanadýar. Türkmen diplomatiýasynyň hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn ösüş ugurlarynda, Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýar. Her ýylyň 18-nji fewralda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň, ýagny hünär baýramçylygynyň bellenmegi hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda asylly däbe öwrüldi. Bu hünär baýramçylygy diplomatik işgärleri döredijilikli işe, diplomatik netijelilige ruhlandyrýar.
Halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti hem-de tejribesi ilçilere mahsus bolan akyl-paýhaslylyk, ýokary medeniýetlilik, dilewarlyk, suhangöýlik ýaly edep kadalarynyň hem-de adamkärçilik sypatlarynyň toplumlaýyn ulgamynyň zerurlygyny şertlendirýär. Halkymyzyň durmuş tejribesinden kemala gelen milli gymmatlyklarymyzda edep-terbiýe ulgamy özboluşly häsiýete eýedir. Watana, ata-enä, keremli topraga, ynsana, iýen duzuňa hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, halallyk, zähmetsöýerlik, adalatlylyk we ynsanperwerlik her bir şahsyýeti häsiýetlendirýän oňyn sypatlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagalasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitap we halk döredijiliginiň nusgawy eserleri milli gymmatlyklar ulgamyny emele getirýär. Halkymyzyň geçmişde durmuş eleginden geçiren gymmatly söz paýhasyny özünde jemleýän paýhas çeşmelerinde: “Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” ýaly gymmatly pähimler türkmeniň hoşmeýilli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini aýdyň şöhlelendirýär. Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşan gadymy türkmen döwletlerinde ilçilere döwletiň aýratyn ygtyýarly wekili hökmünde hormat goýmak ýörelgesi kemala gelipdir.
Gadymy döwürlerde dörän şeýle ýörelgeleriň biri bolan halkara gatnaşyklarynyň islendik ýagdaýynda ilçileriň eldegrilmesizligini üpjün etmek ýörelgesi häzirki döwür halkara diplomatiýasynda hem esasy halkara ýörelge hasaplanýar. Bu dana pähimleriň milli hukuk ulgamynda öz beýanyny tapandygyny ýurdumyzyň diplomatiýa ugrundaky kanunçylygyny synlanyňda görmek bolýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda ilçilere bildirilýän edep kadalary bilen birlikde, olaryň hukuklary, borçlary we ygtyýarlyklary kesgitlenen. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgelerimize esaslanýan kanunçylygymyz bilen birlikde halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary düzgünleşdirmekde we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda “Diplomatik gulluk hakynda” hem-de “Diplomatik derejeler hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Bu kanunlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde diplomatiýanyň dabaralanmagyny şertlendirýär. Şeýle hem, kanunlar Türkmenistan döwletiniň milli bähbitlerini dünýä ýaýmakda anyk wezipeleri we borçlary özünde jemleýär hem-de Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Bu hukuk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň ýokarlanmagynyň, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara we döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleriň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. “Diplomatik gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny jemi 5 bapdan we 25 maddadan ybarat bolup, onda diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, diplomatik gullugynyň guralyşyny, gullugyň we gullugyň işgärleriniň hukuklaryny we borçlaryny, diplomatik wezipeleri we wezipelere bellemegiň tertibini, diplomatik gullugyň işgärleriniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiligini kesgitleýän kadalar jemlenendir. Diplomatik gulluk – bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklar çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanşykly görnüşi bolup durýar.
Diplomatik gulluk hakynda Türkmenistanyň kanuny ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Şeýle hem, bu gullugyň esasy ýerine ýetirmeli wezipeleri bellenilýär. Diplomatik gullugy Türkmenistanyň daşary syýasat ugryny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, çäk bitewiligini we serhediniň mizemezligini, onuň halkara giňişliginde we beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda bähbitleri goramagy üpjün etmeklige gönükdirilendir. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, kanunda diplomatik gullugyna diplomatik serişdeler we usullar arkaly hereket etmeklige mümkinçilik berilýär. Ýurduň bitaraplylygyny berkitmekde, halkara bileleşiginiň agzasy hökmünde dünýä möçberli meseleleri çözmekde ýurdumyzyň oňyn tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam etmeklige gönükdirilen kadalaryň bellenilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwletara dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmekde we ony has ýokary derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Kanunda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen diplomatik we konsullyk gatnaşyklaryny amala aşyrmak, bolup geçýän syýasy we ykdysady ýagdaýlary, halkara gatnaşyklarynyň ösüş meýillerini, döwletleriň daşary we içeri syýasatyny, halkara guramalaryň işini seljermek, ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny ösdürmek boýunça teklipleri işläp düzmek hakyndaky kadalar bolsa, türkmen döwletiniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmeklige ýardam berýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak ýaly wezipeleriniň kanunda kesgitlenilmegi bolsa, adam hukuklaryny goramak babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Kanunda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan baş ugry bolan, ýurdumyzyň milli-döwlet bähbitlerini halkara giňişliginde yzygiderli goramak, döwletiň we jemgyýetiň parahatçylykly we durnukly ösmegini, şahsyýetiň bähbitleriniň we hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmeginiň yzygiderli ýokarlanmagyny kepillendirýär. Kanuna laýyklykda, diplomatik gullugynyň işgärlerini höweslendirmegiň dürli görnüşleriniň göz öňünde tutulmagy, şeýle hem, olaryň maşgala agzalarynyň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjün edilmegi hakynda kadalaryň bellenilmegi bolsa, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmeginiň üns merkezinden düşürilmeýändigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn we döredijilikli halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ykrar edilmegi halkymyzyň milli mirasynyň düzüm bölegi bolup durýan türkmen diplomatiýasynyň milli ýörelgeleriniň ählumumy halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen utgaşyp, ösüşlere beslenýändigini tassyklaýar. Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunlar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny has hem kämilleşdirmekde we ýurdumyzyň halkara giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýelemekde täze sepgitlere ýetmek üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Welimyrat ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň bölüm müdiri.