KEBELEKLIMI ÝA-DA ÝAPRAK

      Tebigat ajaýyp täsinliklere diýseň baýdyr, kallima atly kebelek munuň aýdyň şaýady. Bu kebelek daşdan göräýmäge ýapraga meňzäp, köp adamlar ony ýaprak diýip pikir edýärler. Nymphalidae maşgalasyna degişli bolmak bilen ol gündogar ýurtlarynda şeýle hem, günorta – gündogar Aziýada duş gelýär. Ganatlarynyň ýokardaky tarapy dürli reňklerde köplenç metal örtükli bolýar.Ganatynyň uzynlygy 60-120 mm deňdir. Eplenende ganaty gury kagyz ýalydyr. Bu kebeleklere mimikriýa mahsus. Mimikriýa bolanda ol öýkünmek has takygy jandarlaryň daşky görnüşiniň gurluşynyň nämedir bir zatlara meňzemegi. Mimikriýa ewolýusiýa netijesinde döräpdir. Onuň ähmiýeti gaty uly ýagny haýwanlar şonuň kömegi bilen duşmanlaryndan goranýarlar. Mimikriýa köplenç mör-möjeklere mahsus bolup, kallimadan başgada ýapraga meňzeýän çekirtgeler hem düş gelýär. Kallimanyň bu ajaýyp häsiýetiniň näme baglydygy alymlary köp wagt gyzyklandyrypdyr. Alymlaryň ewolýusiýany jikme-jik öwrenmegi netijesinde kallima urugynyň üsti açyldy. Korteks atly geniň bu kebelegiň polimorfizine jogapkärdigi görkezildi. Öwrenmek üçin 21 sany nymphalidae maşgalasyň wekillerini we 105 sany başga kebeleklerde seljerme-deňeşdirme işlerini geçirip genomlaryny anykladylar. Korteks geni CRISPR-Cas redaktirlemesi öz täsirini ýetirýär. Bu gen lepidopteralarda hem edil şu kebelekdäki ýaly häsiýete eýe. Filogenezini salgylanmak netijesinde bolsa irki döwürlerde Gimalaý daglarynyň gündogarynda ýaprak kebelekleriniň köpçülikleýin ýaýrandygyny kesgitlenildi. Häzirki wagtda bolsa günorta – gündogar Aziýada görmek bolar. Kallimany ylymda belli etmekde esasan hem Hytaý alymlarynyň goşan goşandy uludyr.

 

 

Ogulgerek ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar