TAMDYR

      Mukaddeslik hakynda söz açylanda, öý-ojagyň, agzybirligiň we döwletliligiň nyşany bolan tamdyr hakydaňa dolýar.

      Tamdyr ýasamak işi yhlasy, ezberligi talap etýär. Arassa gyzyl şykgyny suw bilen garyp, tamdyryň palçygyny taýynlap, içine saman, ýylgynyň pürüni garyp, aýak bilen depgilenip eýini ýetirilýär. Soňra bolsa üç gün ýaly demini berilýär we tamdyr üç gat edip ýasalýar. Tamdyr ýasalanda goşulýan zatlar arassa bolmasa tamdyra ot salynanda tamdyr jaýryk atýar. Tamdyryň birinji gaty ýarym aýlow, iki bölekden biri-birine seplenýär we tegelek edilen şekiliň üstünden barmak bilen deşip çykýaň. Bu ikinji gaty goýulanda seplemek üçin edilýär. Palçygyň doly yzgary gitmänkä ikinji gatyny, soňra bolsa üçünji gatyny goýup birleşdirilýär we üç gat goýulan tamdyra bilekselik edilýär we ýörite erik we tut çybygyndan edilen urguçlar bilen tamdyrynyň içini, daşyny urup tekizlenýär. Bar gaýratyň bilen urguçlap, palçykdan galan howany gidirilen tamdyr taýyn bolýar. Eger tamdyrda howa galsa tamdyr ýarylmak bilen bolýar. Şonuň üçinem bu esasy işi ezberlik bilen etmeli. Çörek üçin niýetlenýän tamdyrlar tegelek, somsa ýaly milli tagamlary üçin ýasalýan tamdyr dik görnüşde bolýar.

      Türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Umumy

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar