Tokaýlyk, daglyk, çeşmelik ýerlerde arassa kislorod köp bolýar. Adam arassa howada gezse, onuň saglygy oňatlaşýar. Tebigatda dört paslyň hersiniň özüne mahsus häsiýetde tebigata edýän täsirleri bar: gyşyň aýazly, baharyň jana tenekär mylaýym, tomsuň jöwzaly, güýzüň bolsa, çigrekden salkyn howasy.
Tebigatyň gözelligini ähli halkymyz bilen agzybirlikde goramak şu günki we geljekki nesliň mukaddes borjudyr. Türkmenler agaç eken, bag ösdürip ýetişdiren adama uly hormat goýupdyrlar. Ol häzirem şeýle. Her ýyl ýurdumyzda millionlarça pürli, saýaly, miweli nahallaryň we çöl ösümlikleriniň ýaş agaç nahallary oturdylýar. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki we geljek nesilleriň ýaşaýşynyň tebigy taýdan abatlygyny üpjün etmek we onuň üçin gerek bolan çäreleri işläp düzmek ýurdumyzdaky tebigaty goramak boýunça geçirilýän işleriň baş maksady bolup durýar. Türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň ýaşaýşy, ösüşi, geljegi bu keramatly toprak, gözel tebigatymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen milleti öz gözel tebigaty bilen sazlaşykly ýaşamagy ýola goýan halkdyr. Tebigat bilen ylalaşykly ýaşamak elmydama türkmen milletini üstünliklere getiripdir. Türkmeniň tebigat bilen arabaglanyşygy örän täsindir. Onuň maddy we ruhy medeniýeti ýaşaýan gözel tebigatymyzdan reňk alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň belentde parlaýan baýdagy hem biziň tebigatymyzyň reňkidir. Dünýä belli ajaýyp halylarymyzyň gölleri, aýal-gyzlarymyzyň keşdeli geýimleriniň aglabasy tebigatymyz bilen kybapdaşdyr. Biziň ýaşamagymyz üçin zerur bolan ähli zatlar hem tebigatdan alynýandyr. Güneşli Türkmenistanyň baý tebigatynda janlara şypa, dertlere em, ýaralara melhem berýän ot-çöpleriň müňlerçesi ösýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň keşbini täzelemek, ony gök dona büremek, gül-gülüstana öwürmek işleri güýçli depgin bilen alnyp barylýar. «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurulmagy türkmeniň gözel tebigatynyň has gözelleşmegine, onuň daş-töwereginiň biodürlüliginiň artmagyna getirdi. Bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüji, çuň pähim-paýhasynyň, il-halkyny gün kibi çoýýan ynsanperwer syýasatynyň ýurdumyza, halkymyza eçilen miwesidir.
Jeren GUBYŞEWA,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat
bölüminiň ekologiýa we ylym bölümçesiniň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.