WATAN ÝAŞLARA DAÝANÝAR

       Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan pursatlarynda ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady bolduk. «Okamak, ýazmak, döretmek – maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biridir» diýýän, pederlerimiziň «Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek – döwletdir» diýen dana sözlerini özüne ýol-ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz pähim-parasada ýugrulan, ýiti zehininden joşup çykan ilkinji eserini öz mähriban halkyna sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiziň öz ilkinji şa diwanyny eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyza bagyşlap ýazmagy bizi begendirdi, buýsandyrdy. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlarymyz aýdym bolup, şygar bolup ýaňlanýar.

 

Dowam edip kespi-kärin pederiň,

Nesillere nusgalykdyr edebiň,

Sowgat beren bu ajaýyp eseriň,

Gutly bolsun, Arkadagly Serdarmyz !

 

       Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen dürdäne sözlerini baş şygar edinen 2024-nji ýylymyzyň bosagasynda bu bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp eseri elimize alyp, onuň sahypalaryna ser salanymyzda, hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine ýaşlaryň goşýan goşantlaryny, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine daýanyp, ýaşlara berýän parasatly nesihatlaryny özünde jemleýän çuň manyly sözlerini okanymyzda, biz – ýaşlaryň begenjimiziň çägi bolmady. Ajaýyp kitap bizi täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.

       Kitaby okanyňda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu eseri döredende parasatly pederlerimiziň, Magtymguly atamyzyň pähim-parasada ýugrulan dana sözlerine salgylanandygyny duýýarsyň. Akyldar şahyryň nakyla öwrülen:

 

“Huda berse sagadatly bir perzent

Garrygan çagynda ýaş eder seni”,

 

“Ýagşy oguldan zehnet arygy akar,

Näletkerde ogul dogdy-dogmady”

       -diýen terbiýeçilik ähmiýetli jümlelerini mysal getirip, ýaş nesillere berýän öwüt-nesihatlary hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyraga goýýan hormatynyň çäksizdigine, umman ýaly giňdigine aýdyň mysal bolup durýar.

       Şeýle-de, bu ajaýyp eserde mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, ýagny ylym-bilimde, medeniýetde, sportda, senagatda, oba hojalygynda çeken halal zähmetleri, gazanan ösüşleri, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, mynasyp bolan şa serpaýlary, hormatly atlary, alan baýraklary barada hem giňişleýin gürrüň berilýär.

       Umuman, şu ajaýyp eseri okap, mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlara goýulýan hormatyň, sylag-sarpanyň ägirt uludygyny kalbyň bilen duýýarsyň. Şeýle bolansoň, biz – ýaşlarda özümize bildirilýän uly ynamy ödemek üçin ýene-de yhlas bilen okap, işläp, döredip, mähriban Diýarymyzyň uly ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga uly höwes döreýär.

 

Dünýä doldy şöhratymyz-şanymyz,

Buýsanjymyz dillerde dessanymyz,

Oň bolsun ilkinji Şa diwanyňyz,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz !

 

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň has ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar