Göýül
Göýül örän özboluşly ýarymgyrymsyja ösümlik bolup, onuň uzynlygy 10-150 santimetre ýetýär. Onuň baldaklary tikenden doly bolýar. Ösümligiň agaçjymak baldagyndan uzynlygy 2 metre ýetýän, ýere ýazylyp ýatan şahalary ýaýraýar. Göýüliň ýapraklary süýrümtik, kähalatlarda ujy ýiti bolýar. Ýapraklaryndaky uly ak ýa-da solak gülgüne gülleri aýratyn hem owadan bolýar. Bu ösümlik iýun-iýul aýlarynda köpçülikleýin gülleýär. Göýüliň miwesi ýaşyl, etlek, togalak süýrümtik, köp tohumly, boýy 2-3,5 santimetr uzynlykda bolýar. Ol aprel aýyndan oktýabr aýyna çenli miweleýär. Onuň gunçasy we miwesi adamyň saglygyna peýdaly maddalara baý bolup, miwesi marinadlanan iýmit görnüşinde hem ulanylýar. Göýül bal beriji ösümlik hasaplanýar. Onuň köküni öňki döwürde ýüpekleri goýy-ýaşyl reňke boýamak üçin ulanypdyrlar.
Inder çyryşy
Inder çyryşy ýiti reňkli we köpýyllyk ösümlik hasaplanýar. Onuň ýalpyldawuk, insizje ýapraklary, öňki köne ýapraklary bilen gurşalan düýbüne-köküň başlanýan ýerine toplanandyr. Gül baldagynyň beýikligi 80 santimetre çenli ýetýär, onda uzynlygy 20-30 santimetre barabar gül salkymlary ýerleşýär. Bu gül salkymlary aprel aýynda ýüze çykyp başlaýarlar we iýun aýynyň ahyryna çenli ösümlige bezeg berýärler. Inder çyryşynyň ilki aşaky gülleri, soňra kem-kemden ýokarsyndaky gülleri açylýar. Şoňa baglylykda, bir gül çogdumynda birbada ähli ösüşi, ýagny gunçasyny, gülleýän we solýan gülleri we ýetişýän tohumlary görmek bolýar. Gülländen soňra, gülýaýdynyň ýapraklary ýokarky telpejige ýelmeşýär we soňra ony emele gelen miwe (tohum) aşak gaçyrýar. Bu çyryş bal beriji we ýüpek, ýüň matalara reňk beriji ösümlik hasaplanýar. Ondan ýokary hilli ýelim hem öndürilýär. Öňki döwürlerde onuň köküni we ýapraklaryny gadymy metjitleriň, köşkleriň we galalaryň gurluşygynda ulanypdyrlar.
Umar BABAÝEW,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat
bölüminiň ekologiýa we ylym bölümçesiniň başlygy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.