Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagynyň döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysadyýetiniň özboluşly türkmen nusgasyny döretmek bilen dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyryp gelýär. Şol ýyllarda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda bolsa, täze türkmen milli manady aýratyn ähmiýete eýedir.
Milli puluň hümmetini artdyrmak onuň satyn alyp bilijilik ukybynyň gowulanmagyna, halkyň bolelinlikde ýaşamagyna uly ýardam bermegine gönükdirilendir. Puluň hümmetiniň ýokarlanmagy ilata öz süýşürintgilerini banklarda goýmaga, goşmaça girdeji çeşmesine eýe bolmaga hem şert döredýär. Munuň özi, halkyň pul süýşürintgilerini maýa goýumy hökmünde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Şunda puluň höweslendiriş häsiýetine aýratyn ähmiýetiň berilýändigini hem buýsanç bilen bellemek bolar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Şular bilen bir hatarda, ýurdumyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin beýik işlere badalga berlen häzirki döwürde halkara maýa goýum işjeňligini artdyrmak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan maýa goýumlary babatdaky halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulyp ösdürilmek bilen, Türkmenistan bu babatda barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, milli walýutamyzyň hümmetiniň durnuklylygy, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hukuk taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin döredilýän salgyt, gümrük boýunça ýeňillikler netijeli daşary ýurt maýa goýum syýasatynyň rowaçlanmagyna ähli zerur mümkinçilikleri döredýär.
Umuman hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ähli amatlyklary döredýär.
Leýla AŞYRMYRADOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Buhgalteriýa
hasabaty bölüminiň hasapçy-buhgalteri.