GÖZELLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

       Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, adam saglygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sport, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Çünki sport – diňe bir saglyga oňyn täsir etmän, eýsem, halklaryň we ýurtlaryň özara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine giň ýol açýar. Gurulýan köp sanly häzirki zaman sport desgalary, saglygy berkitmek we dikeltmek üçin bina edilen sport we sagaldyş toplumlary hem-de türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň aýdyň miweleridir.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler bu ulgamy goldamakda, ýokary görkezijili sporty ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda wajyp döwlet maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bedenterbiýäniň, sportuň diňe bir saglygyň ýa-da bedeniň taplanmagy üçin zerur bolman, eýsem ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur.

       Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygynyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, milli sportuň dünýä sportuna işjeň goşulmagyny gazanmak baradaky başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän netijeli işler, ýetilen belent sepgitler, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi dünýäde türkmen sportunyň has-da dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

 

Aýnabat ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar