ADAM — BAG, ZÄHMET — BAGBAN

      Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň özboluşly kadalary we ýörelgeleri bolup durýar.

      Çagalykdan zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, ahlaklylyk, dostluk, rehimlilik, başgalara hormat goýmak, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaly şahsyýetiň emele gelmegi üçin binýady döredýän, adamy geljekki durmuşa taýýarlaýan häsiýetler terbiýelenýär. Bu babatda alym Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Zähmet düşünjesiniň anyk kesgitlemesi netijelilikdedir. Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir.” – diýip örän jaýdar belleýär.

      Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlarda watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, “Adam — bag, zähmet — bagban” atly maslahat geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Gyzykly geçen maslahatda çykyş edenler alym Arkadagymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde we oňa bilim bermekde deňsiz-taýsyz gollanma bolup hyzmat edýän kitaplarynyň möhüm ähmiýeti dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem, zähmetsöýerlik, hünär saýlamak, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeler, bu wezipeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesini we müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy gymmatlyklary nazara almak bilen çözmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýaşlarda özleriniň bilimlerini yzygiderli artdyrmaga, bilim almaga bolan höwesi terbiýelemegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

      Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Suraý SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Buhgalteriýa

hasabaty bölüminiň hasapçysy.

Meňzeş habarlar