Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de beýleki halkara derejeli forumlarda ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän teklipleriniň uly goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýäde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça tagallalaryna özüniň mynasyp goşandyny goşýandygynyň ajaýyp ykrarnamasydyr. Häzirki wagtda daşky gurşawyň hapalanmagy diňe bir döwlet ýa-da sebit derejesinde möhüm bolman, eýsem, dünýä derejesindäki wajyp meselä öwrüldi. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamaga we onuň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen netijeli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistan bu derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemegi zerarly ýetirilýän zyýanlara garşy göreşmekde, bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, her ýylda gök zolaklary döretmegiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli agaçlaryň millionlarçasynyň düýp nahaly oturdylýar.
Garagumyň merkezinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ekologik taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Garagumyň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmäge saldamly goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Möçberi boýunça bu deňi-taýy bolmadyk taslamanyň tutuş Merkezi Aziýa üçin ägirt uly ähmiýeti bar. Onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirer.
Munuň özi, Türkmenistanyň diňe bir öz çäginde däl, eýsem sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gözüň göreji deýin goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýandygyny, şeýle hem bu meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berýändigini aýdyň şöhlelendirýär.
Umuman, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde örän giň mümkinçilikleriň açylýandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir.
Laçyn RAHMANOWA,
TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.