Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlarymyz bilendigini, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygyny, şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidigini aýratyn nygtaýar.Şunuň bilen baglylykda, şu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda bilim alýan, zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda ruhy we beden taýdan sagdyn, maksadaokgunly ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, «Sagdyn bedenli ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda saglygyň bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydygy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy bolup durýandygy baradaky giňişleýin çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Hususan-da çykyşlarda watandaşlarymyzyň her biriniň “Sagdyn bedende sagdyn ruh”, “Jany sagyň göwni çag”, “Saglygym – baýlygym” ýaly pähimlerden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidikleri barada aýdyldy. Ýurdumyzda bedenterbiýe hereketiniň giňden ýaýramagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.
Bu ugurda, halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip örän jaýdar belleýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda, giň mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Mahym SELIMOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.