KALBYMYZ JOŞA GELDI

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek bilen baglanyşykly degişli resminama gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlara goýulýan çäksiz sarpanyň nobatdaky dabaralanmasy bolup,  welaýatymyzyň ähli zenanlarynda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.

     Berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpany durmuşymyzyň her biri pursadynda, her bir ädimimizde göz ýetirip gelýäris. Halkara zenanlar gününiň ýurdumyzda aýratyn uly dabaralara beslenip bellenip geçilmegi, şol ajaýyp sene mynasybetli köp çagaly enelere «Ene mähri» hormatly atlaryň dakylmagy, şeýle-de halk hojalygynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, ýaş enelere durmuş ýeňillikleriniň berilmegi zenanlar hakda edilýän aladanyň buýsançly nyşany bolup durýar.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu taryhy, şanly günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna, şol sanda talyp, okuwçy we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara üstümizdäki ýylyň 1—6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça gol çeken resminamasy ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däpleriniň bu gün üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Biz — TMÝG-niň Ahal welaýat we etrap  Geňeşleriniň wekilleri bolup, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş gelin-gyzlara, orta mekdeplerde bilim alýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara, şeýle-de talyp ýaşlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmaga işjeň gatnaşarys. Zenanlar hakyndaky çäksiz aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Güljemal ATDAÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar