Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýylyň-ýylyna belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orna eýe bolan bu mejlisde Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan we ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryndan belli bolşy ýaly, onda üns çekilen meseleleriň, orta atylan teklipleriň we geljek ýyllarda ata Watanymyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň her biri halk bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ösen, kämil jemgyýeti kemala getirmek, halk bilen häkimiýetiň jebisligini gazanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Mejlisiň barşynda Milli Liderimiz işlenilip taýýarlanylan we kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» ünsi çekip, mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny gyradeň ösdürmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekdi. Görkezijilerden hem görnüşi ýaly, döwletimiziň sebitlerini ösdürmek, önümçilik pudaklarynyň we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşmegini gazanmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýär.
Milli Liderimiziň nygtaýyşy ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» göz öňünde tutup, halk bähbitli belent maksatlary durmuşa geçirmekde halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde birnäçe möhüm wezipeler durandyr.
Berkarar Watanymyzyň geljekki ösüşlerini üpjün etmekde, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmämiziň bilelikde iş alyp barmagymyz zerurdyr. Biz mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryna eýerip, Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Durdy MAMEDOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.